Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Июнь
2023

Marynyň oba ýerlerinde mugallymlar bugdaý garawullamaga çekilýär

0
Marynyň oba ýerlerinde mugallymlar bugdaý garawullamaga çekilýär

Türkmenistanda dowam edýän orak möwsüminiň fonunda, Mary welaýatynyň etraplarynda býujet işgärleri, şol sanda mugallymlar çet obalara bugdaý garawullamaga iberilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji iýunda sebitden maglumat berdi.

Maglumata görä, käbir sebitlerde her mekdepden bäş töweregi magaryf işgäri bugdaý garawullamaga çekilýär.

“Býujet işgärleri diňe bugdaý garawullamak üçin orak geçirilýän çet sebitlerde öz çykdajylarynyň hasabyna bir hepde bolýarlar” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýerli häkimlikleriň işgärleri hem bugdaý harmanlaryny garawullamaga çekilýär. Mugallymlar häkimlik işgärleriniň ýanynda kömekçi hökmünde iberilýär.

Türkmen häkimiýetleri orak möwsüminde bugdaý hasylynyň garawullanylmagy bilen bagly howpsuzlyk çärelerini soňky birnäçe ýyl bäri has-da güýçlendirýär.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň habarçylary 2020-nji ýylyň orak möwsüminde Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň hem-de harby edaralarynyň işgärleriniň bugdaý meýdanlaryny garawullamaga çekilendigini habar berdiler.

Häkimiýetler galla hasylyny esasan ýerli ýaşaýjylardan goraýarlar.

Ozalky ýyllaryň tejribelerinde hem türkmen hökümeti orak möwsüminiň gözegçilik işlerine polisiýa işgärlerini çekip gelýär.

Türkmenistanda gallaçy daýhanlar özlerine bölünip berlen kärende ýerlerinde şertnama esasynda bugdaý ösdürip ýetişdirýärler we ýetişdirilen hasyly döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satýar. Döwlet edaralary daýhanlaryň kärende ýerlerinden ýygnalýan hasyla berk gözegçilik edýär.

“Bugdaý meýdanlaryna ugradylýan býujet işgärleri, galla hasyly ogurlanmaz ýaly, gijesi bilen ýygyma we bugdaý ýüklenýän maşynlara seredýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli ýaşaýjynyň sözlerini getirýär.

Garawulçylyk işlerine çekilýän býujet işgärleri orak möwsümine özleriniň meýletin gatnaşýandyklary barada dilhaty ýazmaga mejbur bolýarlar.

Edara ýolbaşçylary bugdaý garawullamakdan boýun gaçyrýan işgärleri, şol sanda mugallymlary “watana dönüklikde” aýyplaýarlar.

Türkmenistanda häkimiýetleriň talaplary bilen ylalaşmazlyk, ýa-da edilýän absurd talaplara garşy kanunyň çäginde sähel garşylyk pikir beýan etmek “dönüklik” aýyplamalaryna getirip bilýär.

Türkmen kanunçylygyna laýyklykda, mugallymçylyk kärine eýe bolan raýatlar ýaş nesle kämil bilim bermek wezipelerini öz üstüne alýarlar.

Ýöne häkimiýetler býujet işgärlerini, şol sanda mugallymlary pagta ýygmak, bugdaý garawullamak ýaly öz kärlerine dahylsyz işlere çekýärler.

“Häkimlik işgärleri we mugallymlar gijesi bilen kärende ýerlerde nobatçylyk çekýärler” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Çölüň içindäki kärende ýerlerde adamlar üçin şert döredilmedik. Adamlar çatmada ýatyp turýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Çölüň içinde ekerançylyk bilen meşgullanýan kärendeçi daýhanlar özleriniň ekin meýdanlarynyň golaýynda çatma dikip, şol çatmada ekine esewan edýärler.

Býujet işgärleriniň garawulçylyga çekilmegi çet ýerlerdäki hasylyň ýagdaýy barada käbir maglumatlaryň hem köpçülige äşgär edilmegine belli bir derejede mümkinçilik berýär.

Bugdaý garawullamaga gatnaşan işgärleri özleriniň baryp gören kärende ýerleriniň köp böleginde hasylyň pes bolandygyny aýdýarlar.

“Diňe ot basyp ýatyr, bugdaýyň gögermedik ýerleri gaty kän. Kärende ýerine ideg etmän taşlaýan adamlar hem bar ekeni” diýip, iş sapary bilen çöle ugradylan bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şu ýyl bugdaý oragyna Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda 2-nji iýunda, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda 9-njy iýunda resmi taýdan girişmek kararlaşdyryldy. Nobatdaky hasyl möwsüminde ýurt boýunça 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny almak göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин: в Москве начался сезон фонтанов





Москва

Лучшей певицей жанра поп-опера по версии премии WOMAN AWARD стала Натали Орли


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: В столице открыт сезон фонтанов



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Джиган

Джиган запретит дочери Ариеле встречаться с определенной категорией парней




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Шествие трубачей и уроки танцев: что ждет посетителей парков Москвы в майские праздники

Спортсменка из Бутово выиграла «золото» на турнирах по художественной гимнастике

Учитель из Бутово стала «Гуру физкультуры»


WTA

Мирра Андреева установила новый рекорд на турнирах WTA-1000



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Спецвыпуск журнала «Стратегии развития» посвященный героям Великой Отечественной войны и Специальной военной операции



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России