Pakistan, Türkmenistan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegi çaltlaşdyrmagyň maslahatyny etdi
Türkmenistan TOPH gaz geçirijisi taslamasynyň işlerini çaltlaşdyrmak maksady bilen Bilelikdäki durmuşa geçiriş planyna gol çekdi diýip, pakistan metbugaty habar berýär.
Aşgabatdan Yslamabada baran wekiliýetiň Pakistanyň nebit ministri Musadik Maligiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçiren duşuşygyna döwlet ministri, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew ýolbaşçylyk etdi.
Taraplar energiýa hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, energiýa söwdasyny ýokarlandyrmak we strategiki we amatly söwda şertlerine esaslanýan energiýa infrastrukturasyna maýa goýumlaryny giňeltmek ylalaşygyna geldiler diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri pakistan metbugatyna salgylanyp ýazýar.
Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri çözmek üçin Pakistanyň ýokary derejeli resmisini bellemek kararyna gelindi.
TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek, synçylaryň pikirine görä, howpsuzlyk we maliýe meseleleri sebäpli gijikdirilýär.