Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Июнь
2023

Lebabyň polisiýasy hususy dükanlarda reýd geçirýär. Nas atýan raýatlar soraga çekilýär

0
Lebabyň polisiýasy hususy dükanlarda reýd geçirýär. Nas atýan raýatlar soraga çekilýär

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde kanun goraýjy edaralaryň işgärleri hususy eýeçilikdäki dükanlara duýdansyz aýlanyp, barlaglary geçirip başladylar. Polisiýa işgärleri telekeçilere bikanun ýollar bilen getirilen temmäki önümleri satanlara uly möçberde pul jerimesiniň salynjakdygyny duýdurýarlar. Şeýle-de, nas atyp durka saklanan raýatlar polisiýa tarapyndan soraga çekilýär. Bu waka Türkmenistanda berk çäklendirilýän temmäki önümleriniň ornuny tutýan serişdeleriň satuwyna we olaryň ulanyjylaryna garşy çäreleriň güýçlendirilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

“Polisiýa telekeçilere diňe Türkmenistanda satmaga rugsat berlen, ýagny çilimiň gutusynyň daşynda ‘Türkmenistan’ belgisi goýlan çilimleriň satylmagyna rugsat berilýändigini aýdýar. Olar bu çilimleriň döwlet dükanlaryna paýlanýandygyny belläp, diňe şol çilimleri satmaga rugsadyň bardygyny hem aýdýarlar. Olar bu çilimlerde temmäki önümleriň mukdarynyň azdygyny we onuň güýjüniň pesdigini hem belleýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 12-nji iýunda aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri 2016-njy ýylyň martyndan başlap ýurtda temmäki önümleriniň söwdasyny ýiti çäklendirip, bu babatda ähli ygtyýarlyklary ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berdi. Muňa garamazdan, hususy söwda nokatlarynda çilimiň söwdasy gizlin görnüşde dowam etdi. Döwlet dükanlarynda bolsa, çilimiň satuwy käte çäkli möçberde ýola goýulyp, adam başyna diňe bir ýa-da iki guty çilim satyldy.

Mundan başga-da, şu günler Türkmenabadyň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri nas atýan adamlary hem yzarlap, nas satýan söwdagärleri anyklamaga çalyşýarlar. Olar köçelerde nas atyp durka saklanan raýatlary soraga çekip, olardan nasy haýsy dükandan ýa-da kimden satyn alandygyny soraýarlar.

“Nas atan adam nasy nireden satyn alandygyny görkezmese, onda polisiýa oňa 15 gije-gündiz tussag ediljekdigini duýdurýar. Nas atan adam dükany görkezmäge mejbur bolýar. Dükan eýesine nas satany üçin uly mukdarda jerime salynýar. Polisiýa ikinji gezek saklanan hususy dükan eýelerine garşy jenaýat işiniň gozgaljakdygyny hem duýdurýar” diýip, habarçy belledi.

Türkmenistanda nasy saklamak, öndürmek we ulanmak gadagandyr. Ýurduň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiniň 80-nji maddasynda "nasyň satmak maksady bilen uly bolmadyk möçberde taýýarlanylmagy, edinilmegi, saklanylmagy, daşalmagy ýa-da iberilmegi we satylmagy binýatlyk mukdaryň bäşisinden ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär" diýilýär. Muňa garamazdan, häkimiýetleriň mundan ozalky ýyllarda nasa garşy gören çäreleriniň gerimi häzirki ýaly giň gerimde bolmandy.

“Türkmenabatda lomaý çilim satýan dükanlaryň ikisi hereket edýärdi. Gözegçiligiň güýçlenmegi netijesinde, bu dükanlaryň ikisi hem mundan 10 gün ozal ýapyldy. Bu dükanlarda çilimiň her gutusynyň bahasy, hususy dükanlara garanda, 10-15 manat arzanrakdy” diýip, habarçymyz belledi.

Häkimiýetleriň sebitde çilimiň we nasyň söwdasyna gözegçiligi güýçlendirmegi, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telewideniýesinde sosial torlarda suw çilimli, ýagny kalýanly suratlaryny paýlaşan adamlaryň öz-özlerini ýazgarýan tobaly çykyşlarynyň görkezilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

“Watan” habarlar gepleşiginiň 7-nji iýunda giçlik berlen reportažynda ýüzüni ýere sallap duran onlarça adam görkezildi. Munuň bilen bagly, takyklaşdyrylmazdan, “hukuk bozulmalaryny eden raýatlara milli kanunçylyga laýyklykda degişli çäreler görüljekdigi” mälim edildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň geçen çarşenbe güni geçirilen mejlisinde serhediň gözegçilik-geçiriş nokatlarynda guralan çäreleriň netijesi boýunça “bikanun ýollar bilen getirilen önümleriň” ele salnandygy hem aýdyldy. Şeýle-de, mejlisde prezident Serdar Berdimuhamedow "wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin" diýen adaty umumy kesgitleme bilen, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýewe hem berk käýinç yglan etdi. Ýöne munuň ýurda temmäki önümleriniň bikanun getirilmegi bilen bagly bolup-bolmandygy aýdyňlaşdyrylmady.

Azatlyk bu wakadan öň we soň Aşgabatda we Maryda sosial ulgamlarda, hususanda Instagramda kalýanly suratlary paýlaşylan ýaşlaryň polisiýa tarapyndan köpçülikleýin soraga çekilýändigini habar berdi.

Türkmenistan 2025-nji ýyla çenli ýurdy temmäkiden azat etmek ugrunda tagalla edýändigini aýdýar. Türkmen häkimiýetleri Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklap, soňky bir ýyldan gowrak wagtyň içinde temmäki önümleriniň gümrük tölegleriniň möçberini iki gezek artdyrdy.

Bu habarlaryň arasynda, geçen hepde Balkan welaýatyndaky habarçylarymyz hökümet resmileriniň temmäkini azaltmak wadalarynyň kagyz ýüzünde galýandygyny, dükanlardan çilim satyn alýan adamlaryň azalmaýandygyny, soňky wagtlarda ýetginjekleriň, uly klas mekdep okuwçylarynyň arasynda hem çilimkeşligiň köpelýändigini aýtdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин принял участие в параде Победы на Красной площади





Москва

Победительницу "Диктанта Победы" из Томской области наградили в Москве


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: В Москве будет увеличен объем высокотехнологичной медицинской помощи



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Ольга Бузова

Дава разоткровенничался перед Ольгой Бузовой в шоу “Сокровища императора” на ТНТ




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В рамках празднования Дня Победы в Москве пройдет ежегодный турнир среди студенческих футбольных команд «Вызов»

Жители и гости Москвы смогут посетить фестиваль «Московская весна»

Футбольный турнир «Вызов» для студентов станет частью праздничных мероприятий ко Дню Победы


Стефанос Циципас

Паула Бадос и Стефанос Циципас расстались | Виды спорта



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

В Москве налоговая потребовала взыскать долг с Алексея Навального



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России