Türkmen emeldary Kubanyň premýeri bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşýar
Kuba Türkmenistan bilen ýakyn ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak isleýär diýip, türkmen metbugaty anyklaşdyrmazdan habar berýär.
Kubanyň premýer-ministri Manuel Marrero Kruz bilen Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň arasynda geçirilen duşuşykda ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi diýip, “Türkmenportal” Russiýanyň Soçi şäherinde, Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň çäklerinde guralan duşuşyga salgylanyp ýazýar.
“Wise-premýer H.Geldimyradow bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyny we Türkmenistan bilen gaz, bugdaý we dökün öndürmek..., ykdysady we söwda gatnaşyklaryny giňeltmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdyk” diýip, neşir Marreroynyň twitter hasabynda paýlaşan sözlerini sitirleýär.
Şeýle-de habarda Kubanyň Türkmensitandaky täze ilçisiniň 2023-nji ýylyň fewral aýynda akkreditasiýa edilendigi, Aşgabatda kubaly diplomatyň gatnaşmagynda geçirilen gepleşiklerde medeniýet, sport we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmäge özara gyzyklanma bildirilendigi bellenilýär.