Gazak paýtagtyndaky bank dramasy pidasyz gutardy
Ahmetžanowyň sözlerine görä, bankyň işgärlerini zamun alan adamyň banka bergisi bardy we ol, beýleki zatlar bilen birlikde, öz garyndaşlaryna maddy goldaw berilmegini hem talap etdi.
Ýerli metbugat zamun alyjynyň adynyň Alihan Myradow bolandygyny, onuň maýyplar we pes girdejili maşgalalar üçin hem pul talap edendigini habar berdi.
