Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Июнь
2023

Türkiýede dört türkmen raýatynyň jesetleri doňduryjynyň içinde tapyldy

0

Türkiýäniň Izmir şäherindäki bir öýde dört türkmen raýatynyň jesetleri doňduryjynyň içinde tapyldy. Üç sanysy zenan we biri erkek merhum türkmenistanlylaryň ölümi bilen ilteşikli bolmakda aýyplanyp, Türkiýäniň Çeşme şäherinde bir türkmen raýaty tussag edildi. Bu barada türk mediasy maglumat berýär.

Ene we onuň iki gyzynyň, şeýle-de gyzlaryň biriniň halaşýan ýigidiniň böleklere bölünen jesetleri 18-nji iýunda Izmiriň Baýrakly etrabynyň Adalet mähellesindäki iki gatly bir jaýda tapyldy.

“Milliyet” neşiriniň maglumatyna görä, Gülkamar Hanymowanyň, Leýla we Laçyn Keldiýarowanyň we R.N. diýlip, adynyň hem-de familiýasynyň baş harplary berilýän ýene bir türkmenistanlynyň ýakynlary olardan habar alyp bolmänsoň, polisiýa ýüz tutýarlar.

Wakanyň bolan ýerine gelen polisiýa işgärleri ene we onuň gyzlarynyň böleklere bölünen jesetlerini doňduryjynyň, olar bilen bir öýde ýaşaýan türkmenistanly erkegiň jesedini bolsa sowadyjynyň içinde tapýarlar.

Olary öldürmekde güman edilýän we Çeşmede işleýändigi mälim edilen Türkmenistanyň başga bir raýaty tussag edildi. Pajygaly wakadan soň, Çeşmä gaçyp gidendigi aýdylýan bu adamyň öldürilen enäniň halaşýanydygy bellenilýär.

“Öldürilen adamlar, wakadan öň derman goşulan içgi berlip, ukladylypdyr” diýip, türk neşiri belleýär.

Dört türkmenistanlynyň jesetleri prokuraturanyň derňewinden soň, Izmir kazyýet lukmançylyk institutyna iberildi. Türk häkimiýetleri waka boýunça giň göwrümli derňew başlatdylar. Ýöne türk mediasynda jenaýatyň mümkin bolan sebäpleri barada hiç bir maglumat berilmeýär.

Etrapçanyň birnäçe ýaşaýjysy polisiýa işgärlerine salgylanyp, türkmenistanlylaryň anyk haçan öldürilendiginiň belli däldigini aýdýar.

“Ganhoryň ilki adamlary öldürendigi we birnäçe gün soňra doňduryja goýandygyny eşitdik. [Merhumlaryň] Stambuldaky ýakynlarynyň biri olardan habar alyp bilmänsoň, bu ýere gelipdir. Gapyny hiç kim açmansoň, ol polisiýa ýüzlenipdir. Waka bilen bagly öňe sürülýän ýagdaýlar örän köp” diýip, “Milliyet” neşiri Ferhat Özkul atly ýaşaýjynyň sözlerini sitirledi.

"Haberler.com" neşiriniň etrapçanyň bir ýaşaýjysyna salgylanyp ýazmagyna görä, jenaýaty amala aşyrandygy aýdylýan adam mundan birnäçe gün ozal etrapçanyň ýaşaýjylaryndan nireden doňduryjy satyn alyp bolýandygyny sorapdyr.

Azatlyk Radiosynyň waka boýunça Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat almak synanyşyklary netije bermedi. Türkmen wekilhanasynyň resmi websaýtynda görkezilen telefon belgilerine, redaksiýamyzyň 19-njy iýunda eden dowamly synanyşyklaryna garamazdan, hiç kim jogap bermedi.

Türkiýe geçen ýyl Aşgabadyň haýyşy esasynda türkmenistanlylar üçin 30 günlük wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy. Muňa garamazdan, Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, Türkiýe henizem türkmen raýatlarynyň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.

Türk Migrasiýa edarasynyň 8-nji iýunda çap eden täze sanlaryna görä, häzirki wagtda 213 müňe golaý türkmenistanly kanuny esasda Türkiýede ýaşaýar. Ýöne hukuk goraýjy toparlar we türkmenistanly synçylar Türkiýedäki türkmenleriň hakyky sanynyň bu görkezijiden ençeme esse köpdügini aýdýarlar.

Türkmen hökümeti we metbugat serişdeleri daşary ýurtlarda kanuny ýa bikanun ýagdaýda ýaşaýan raýatlary, olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, şol sanda ýurt daşynda jenaýata baş goşan ýa-da käte gümürtik ýagdaýda ölen raýatlary hakynda maglumat bermeýärler.

Ýöne türkmen raýatlary barada türk metbugatynda ýygy-ýygydan habarlar peýda bolýar. Şu aýyň birinji ongünlüginde Stambulyň Beýlikdüzü etrabynda äri bilen kireýine tutan bir jaýynyň içinde 32 ýaşly türkmen raýaty Mähri Ereşowanyň jesedi tapyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал о развитии фармацевтической отрасли в Москве





Москва

5 фактов, которые необходимо знать о СЭЙН и Wimmortal и их релизе «Старик и воля».


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин. Главное за день



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Джиган

Джиган планирует торговать пивом




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Пресс-служба «Лужников» опровергла информацию о концерте Канье Уэста в Москве

В преддверии Дня Победы в Великой Отечественной войне: уроки мужества и познавательно-спортивная эстафета

Спорт объединяет поколения: в Москве прошёл праздник ко Дню Победы для детей с ОВЗ


ATP

Лучший теннисист Казахстана сдал позиции в чемпионской гонке ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Цветочек, живи! Распустится ли сирень в Москве после снега



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России