Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Июнь
2023

Welaýatlarda saýlanan adamlar Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna iberilýär

0
Welaýatlarda saýlanan adamlar Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna iberilýär

Türkmenistanyň bäş welaýatyndan saýlanan “il ýaşulylary” we býujet işgärleri Arkadag şäheriniň 29-njy iýunda geçiriljek açylyş dabarasyna iberilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu çäräniň töwereginde Lebap welaýatynda alnyp barylýan taýýarlyklar barada habar berýär.

Çärelere çekilýän adamlar iki topara bölünýär. Birinji topar – uly ýaşly adamlar, aksakgallar. Olaryň ýol harajatlary welaýat häkimlikleriniň üstüne ýüklendi. Ikinji topar – döwlet edara-kärhanalarynyň saýlantgy býujet işgärleri, olar öz hasabyna Ahal welaýatyna “mejbury” iş saparyny amala aşyrmaly.

Döwlet metbugatynda “taryhy ähmiýetli waka” hökmünde wagyz edilýän açylyş dabarasyna gatnaşyjy býujet işgärleriniň daşky sypatlary babatda käbir şertler talap edilýär.

Olar gara kostýum, ak köýnek we tahýa geýmeli, sakgal we murt goýbermeli däl. Esasan erkeklerden düzülen toparlara 40 ýaşdan geçen adamlar alynmandyr.

“Saýlanyp alnan işgärlerde sakgal-murt bolmaly däl. Egin-eşikleriniň aýratynlyklary ähli talap edilýän kadalara laýyk bolmaly, ütüklenen bolmaly. Şonuň üçin, býujet işgärleri eşikleriniň ütügi bozulmaz ýaly, olaryň daşyna ‘klýonka’orap, ellerinde göterip gidýärler” diýip, bir lebaply býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Gündogar sebitde her bir edara-kärhanadan bäş töweregi işgär saýlanyp alnypdyr. Olaryň 27-nji iýunda otly bilen Ahal welaýatyna tarap ýola düşmegine garaşylýar. Lebaply bir býujet işgäri mejbury iş saparynyň umumy çykdajylarynyň 1500-2000 manat töwereginde bolmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Bu aralykda, Lebap welaýatyndan bolan 50 töweregi aksakgal Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin 26-njy iýun, duşenbe güni ýola çykarlar.

“Açylyş dabarasyna bäş welaýatdan ýaşulylar gatnaşarlar. Olaryň ýol harajatlary welaýat häkimlikleriniň üstüne ýüklendi. Býujet işgärleri öz hasabyna çärä gitmeli” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Welaýat ýaşaýjylarynyň Aşgabadyň myhmanhanalarynda galmagyna garaşylýar.

“Çärä gatnaşyjylar ilkinji nobatda Aşgabada baryp, myhmanhana ýerleşmeli galan görkezmeler soňundan berler” diýip, býujet işgärleri lebaply bir ýolbaşçynyň sözlerini getirýärler.

Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýet kultyny has-da dabaralandyrmak tagallalarynyň çäklerinde Arkadag atlandyrylan täze şäheriň açylyş dabarasyna Türkmenistanda “möhüm waka” hökmünde garalýar.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşary işler ministrligine, Medeniýet ministrligine, Söwda ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Taryhy Gökdepe galasynyň golaýynda ýerleşýän Arkadag şäheri Berdimuhamedowlaryň dogduk obasy bolan Babarap geňeşliginiň alkymynda bina edildi.

Miliardlarça dollar döwlet serişdeleri sarp edilen şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyryna 2019-njy ýylda girişildi. Ilkibaşda, diňe Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi hökmünde meýilleşdirilen şäher şu ýylyň martynda “döwlet ähmiýetli şäher” statusyna eýe boldy.

Türkmenistanyň  Mejlisi tarapyndan “türkmen halkynyň milli lideri” yglan edilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýet kultuny has-da dabaralandyrmak maksady bilen, şu ýylyň mart we aprel aýlarynda Türkmenistanda Arkadag adyny göterýän futbol topary we telewizion kanaly hem esaslandyryldy. Täze kanal sentýabrda öz işine başlar.

Döwlet metbugaty 70 müň töweregi ilaty boljak täze şäheriň “akylly şäher” konsepsiýasyna gabat gelýändigini aýdýar.

Energiýa serişdelerine baý Türkmenistanyň ilatynyň agramly böleginiň ykdysady kynçylyklary we ýiti ýeter-ýetmezçiligi başdan geçirýän mahaly gurulýan Arkadag şäherine miliardlarça dollarlyk döwlet serişdeleri sarp edilýär.

Döwlet metbugaty Arkadag şäheriniň açylyşyna welaýatlardan bolan saýlantgy býujet işgärleriniň çekilmegi, olaryň harajatlary bilen bagly ýagdaýlar barada habar bermeýär.

Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri 2022-nji ýylyň maý aýynda täze şähere Arkadag adynyň dakylmagyna garaşylýandygyny habar beripdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин: внимание Путина к Москве дорогого стоит





Москва

Концерт "Две музы"


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин фразой «ходят слухи словно мухи» прокомментировал уход замов в кабмин



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Юрий Шевчук

Рок-музыкант Шевчук в Дубае рассказал о революции




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Росгвардия приняла участие в обеспечении безопасности при проведении футбольных матчей в Москве

Боевые приобретения. Настоящий праздник мужественности прошел в Москве

Что произошло 8 мая в истории Якутии


Стефанос Циципас

Паула Бадос и Стефанос Циципас расстались | Виды спорта



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Врач-стоматолог Владимир Лосев: как правильно выбрать своего доктора



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России