Rus häkimiýetleri täjik aktiwistini tussag etdi
Rus häkimiýetleri täjigistanly aktiwist Junaýdullo Hudoýorowy Duşenbäniň talaby esasynda tussag etdi diýip, onuň dogany 25-nji iýunda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna aýtdy we, eger-de Duşenbä ekstradisiýa edilse, aktiwistiň bikanun tussag edilip, esassyz jogapkärçilige çekiljekdigini sözüne goşdy.
Täjigistanda huligançylyk aýyplamasy esasynda gözlenýän Hudoýorow özüniň hiç hiç hili bozgaklyk etmändigini aýdýar.
Hudaýorow mundan öň, 2017-nji ýylda Salafi yslam hereketi bilen arabaglanyşygy üçin bäş ýyl azatlykdan mahrum edilipdi. Ýöne ol hökümetiň yglan eden köpçülikleýin amnistiýasy esasynda iki ýyl geçmänkä boşadyldy.
Soňky ýyllarda Russiýadan Täjigistana ekstradisiýa edilen täjik aktiwistleriniň birnäçesi uzak möhletli türme tussaglygyna höküme edildi we hukuk toparlary olaryň syýasy sebäpler esasynda ýanalandygyny aýdýarlar.