Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Июнь
2023

Pagta kampaniýasy türkmen pagtaçylygyna maýa ýatyrmazlyga çagyrýar

0
Pagta kampaniýasy türkmen pagtaçylygyna maýa ýatyrmazlyga çagyrýar

Global pagta kampaniýasy germaniýaly işewürleri Türkmenistanyň pagta senagatyndaky mejbury zähmetden peýda görmezlige çagyrýar.

Nemes işewür birleşikleriniň, maslahat beriş guramalarynyň, köp taraply başlangyçlaryň we üpjünçilik zynjyrynyň aktýorlary mejbury zähmetiň peýdalanmakdan ýa-da girdeji gazanmakdan gaça durmak üçin Türkmenistanyň dokma senagaty bilen aragatnaşygyny kesmeli diýip, Merkezi Aziýanyň pagtaçylyk pudagynyň işgärleriniň mejbury zähmetden dynyp, mynasyp iş şertlerinde işlemegi barada tagalla edýän global pagta kampaniýasy 27-nji iýunda çap eden beýanatynda aýtdy.

Türkmenistanda öndürilýän pagta önümleriniň ählisi döwlet tarapyndan, ýüzlerçe müň mugallymyň, saglygy goraýyş işgäriniň, beýleki döwlet işgärleriniň we kähalatda çagalaryň yzygiderli we giň ýaýran mejbury zähmetiň ulanylmagynda öndürilýär diýip, beýanatda aýdylýar.

Bu çagyryş müňlerçe nemes kompaniýasyna wekilçilik edýän ýedi işewür birleşigiň we maslahat beriş firmasynyň Düsseldorfda Germaniýanyň Türkmenistana, hususan-da dokma we nebit-gaz pudaklaryna maýa ýatyrylmagyny höweslendirmek üçin geçirýän çäresine gabatlanyp edildi.

Türkmenistanyň döwlet tarapyndan girizilen mejbury zähmet ulgamy we hökümetiň raýat azatlyklarynyň ählisini ýowuz repressiýa astynda saklamagy halkara kompaniýalarynyň ýurda baryp, pagtaçylykda ulanylýan mejbury zähmeti ýerinde barlamagyna, ýagdaýy düzetmegiň çäresini gözlemegine mümkinçilik bermeýär.

Umuman aýdylanda, halkara kompaniýalary Türkmenistanyň islendik pudagynda, şol sanda nebit-gaz pudagynda hem zähmet hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly meseleleri çözüp bilmeýär, sebäbi ýurtda garaşsyz kärdeşler arkalaşyklary ýok, hökümet adam hukuklarynyň bozulmagyna çykyş edýän, açyk gürleýän adamlara garşy berk çäre görýär diýip, Global pagta kampaniýasynyň beýanatynda aýdylýar.

Dünýäde iň ýapyk we repressiw ýurtlaryň biri hasaplanylýan we öz kanunlaryny yzygiderli bozmakda tankytlanýan Türkmenistan halkara hukuk toparlarynyň çagyryşlaryna baş galdyrmaýar we, dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelip, Aşgabat bilen hyzmatdaşlyk edýän iş adamlary ýurduň mejbury zähmet esasynda öndürýän önümlerinden, şol sanda nebit-gazdan, elektrik energiýasyndan peýda görmeklerini dowam etdirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин поздравил Путина со вступлением в должность президента России





Москва

Концерт "Две музы"


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин прокомментировал слухи о повышении своих замов



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Сергей Брановицкий

Песня под Ключ. Купить Песню под Ключ. Запись Песни под Ключ.




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Боевые приобретения. Настоящий праздник мужественности прошел в Москве

В Москве в 12-й раз пройдет фитнес-фестиваль «ФитЭкспо 2024»

Что произошло 8 мая в истории Якутии


WTA

Свентек переиграла Соболенко и выиграла титул WTA в Мадриде



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Что произошло 8 мая в истории Якутии



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России