Fransuz polisiýasy 17 ýaşly sürüjini öldüreninden soň turan gozgalaňlarda 150 adam saklandy
Polisiýa 17 ýaşly bir oglany tüpeňläp öldüreninden soň gahar-gazaba münen protestçiler Parižiň eteklerinde awtoulaglary we jemgyýetçilik binalaryny otladylar.
Howpsuzlyk tagallalarynyň ýokarlanmagyna, prezidentiň halky asuda bolmaga çagyrmagyna garamazdan, gozgalaň Fransiýanyň beýleki birnäçe şäherine hem ýaýrady.
17 ýaşly Naeliň 27-nji iýunda geçirilen ulag barlagy wagtynda öndürilişi wideo ýazgysyna düşürildi we ýurdy haýran galdyrdy.
Bu waka Fransiýanyň o diýen amatly bolmadyk ýerlerindäki jaýlarda ýaşaýan ýaşlar bilen polisiýanyň arasynda öňräkden bäri dowam edýän dartgynlylygyň hem ýokary galmagyna sebäp boldy.