Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Июнь
2023

Arkadagyň açylyşynda "Arkadagyň" özi görünmedi. Dabara mejbury çäreler bilen utgaşdy

0
Arkadagyň açylyşynda

Türkmenistanda milliardlarça dollarlyk Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy mejbury çäreler, raýatlaryň adaty durmuşynyň togtamagy bilen utgaşdy. Ozalky prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy iýundaky doglan gününe gabat geçirilen bu mejbury dabaralara ýüzlerçe býujet işgäri, dynç alyşdaky studentler dagy çekildi. Emma dabarada şäheriň adyna lakamy dakylan uly Berdimuhamedow görünmedi.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginiň golaýynda ýerleşýän, ýurduň çägindäki ilkinji “akylly şäheriň” açylyş çäresine prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, resmi media habar berýär.

Maglumatda dabaralara “köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň” hem gelendigi bellense-de, olaryň şahsyýetleri aýdyňlaşdyrylmaýar.

Resmi medianyň maglumatynda we paýlaşan suratlarynda ozalky prezident Gurbanguly Berdimuhamedow görünmeýär.

Mundan bir gün öň, garaşylmadyk ýagdaýda, uly Berdimuhamedowyň 29-njy iýundaky 66-njy doglan gününi, ýagny şäheriň açylan gününi Saud Arabystanynda geçirjekdigi mälim edildi. Ýogsa ”döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy” boljak bu täze şähere onuň döwlet derejesinde tutulýan “Arkadag” ady dakyldy. Galyberse-de, ozalky prezident, adatça, giň gerimli döwlet çärelerini duşundan geçirmeýärdi.

Döwlet mediasynyň maglumatyna görä, Arkadagyň açylyş dabarasynyň çäginde “Akhan” binasynyň ýanyndaky meýdançada döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly kompozisiýasy ýaýbaňlandyryldy. Soňra “Arkadag” binasynyň açylyşy boldy, toý sadakasy berildi.

Döwletiň berk gözegçiligindäki media bu dabaralary giňden mahabatlandyrsa-da, Azatlygyň şäheriň açylyşynyň öňýany geçirilen giň gerimli mejbury ýowarlar baradaky habarlary barada hiç zat aýtmady.

Habarçylarymyz şäheriň töweregindäki ilatly punktlaryň diňe köçeden görünäýjek sebitlerinde arassaçylyk işleriniň geçirilendigini, jaýlaryň diňe öň taraplarynyň abatlanandygyny gürrüň berdiler.

Mundan başga-da, şäheriň açylyş dabarasyna Aşgabatdan we Ahaldan ýüzlerçe býujet işgäri mejbury gatnaşdyryldy. Olara öz hasaplaryna täze lybaslary almak tabşyryldy. Şeýle-de binalaryň içine ýerleşdirilen adamlara, ‘birden prezidentiň girmegine taýýar bolmalydygy’ barada duýduryş berildi.

Gurluşygy 5 milliard dollar boljakdygy mälim edilen bu şäheriň taslamasy iki tapgyrda durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda onuň birinji tapgyry tamamlanyp, onuň çäklerinde 336 sany medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalar guruldy diýip, resmi media ýazýar.

Emma şäherdäki satuwa çykarylan jaýlary synlap gören ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, binalaryň hili pes, şeýle-de olarda eýýämden suwagyň gaçmagy, kafelleriň gopmagy, kadasyz suw üpjünçiligi ýaly kemçilikler ýüze çykyp başlady.

Mundan ozal, Aşgabadyň şäher gurluşyk edaralarynda işlän hünärmenler Arkadagyň proýektiniň düzülişinde seýsmiki howpsuzlyk nukdaý nazaryndan kemçiligiň köpdügini, gurlan binalaryň hiliniň pesdigini duýdurypdylar.​

Galyberse-de, synçylar Arkadag şäheriniň töweregindäki işjeňlige “lideriň şahsyýet kultuny mundan-da beýläk ösdürmek synanyşyklary” hökmünde baha berýärler.

29-njy iýunda, Arkadagyň açylan güni ýurtda adybir telekanalyň ýaýlymy başlady we öňki prezidentiň lakamyny göterýän gazetiň ilkinji sany çap boldy. Şäheriň açylmagyna iki aý çemesi wagt galanda, “Arkadag” atly futbol kluby hem esaslandyryldy.

Galyberse-de, her ýyl geçirilýän Medeniýet hepdeligi indiki ýyl sebit merkezleriniň birinde däl-de, Arkadagda geçiriler.

Türkmenistany dünýäniň iň ýapyk we iň awtoritar režimleriniň biri dolandyrýar. Türkmen hökümeti adam hukuklaryny depelemekde, söz-metbugat azatlygyny bogmakda we beýleki esasy azatlyklary berk çäklendirmekde tankyt edilýär. Bu aralykda, Türkmenistanyň raýatlary indi ençeme ýyl bäri barha ýitileşen agyr durmuş-ykdysady problemalardan ejir çekýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин рассказал, как офсетные контракты развивают фармотрасль Москвы





Москва

5 фактов, которые необходимо знать о СЭЙН и Wimmortal и их релизе «Старик и воля».


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин фразой «ходят слухи словно мухи» прокомментировал уход замов в кабмин



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Джиган

Джиган собирается торговать пивом




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Боевые приобретения. Настоящий праздник мужественности прошел в Москве

В Москве в 12-й раз пройдет фитнес-фестиваль «ФитЭкспо 2024»

В 6-м туре женского «командника» в Сочи шахматная сборная Москвы разгромила краснодарок, а «Сима-ленд» справилась с Татарстаном


Андрей Рублёв

Рублев о победе на "Мастерсе" в Мадриде: у меня нет слов



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Когда ещё в центральной России выпадал снег в мае, 1917, Тула



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России