Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Июнь
2023

Parahorlyk ýok bolarmy? Täjigistanda 1-nji awgustdan başlap, döwlet tölegleri nagt däl görnüşde amala aşyrylar

0
Parahorlyk ýok bolarmy? Täjigistanda 1-nji awgustdan başlap, döwlet tölegleri nagt däl görnüşde amala aşyrylar

Täjigistanda 1-nji awgustdan başlap, döwlet tölegleri diňe nagt däl görnüşde amala aşyrylar. Bu baradaky permana ýurduň prezidenti Emomali Rahmon 22-nji iýunda gol çekdi.

Täjigistanyň ilaty 1-nji awgustdan başlap, kommunal-hojalyk hyzmatlaryny, salgytlary, rugsatnamalary we ygtyýarnamalary almakda döwlet paçlaryny, gümrük haklaryny, jerimeleri we jemgyýetçilik hyzmatlarynyň beýleki görnüşleri üçin tölegleri diňe bank kartlary ýa-da mobil gapjyklary ulanmak bilen tölemeli bolarlar. Häzirki wagtda ýurduň ilatynyň belli bölegi aýlyk ýa-da pensiýa haklaryny bank kartlary arkaly alýarlar.

Muazzama Ibrohimowa kommunal-hojalyk hyzmatlaryny we beýleki tölegleri dört aý bäri nagt däl görnüşde töläp gelýär. Onuň aýtmagyna görä, şeýdip, ol öz wagtyny tygşytlaýar, onsoňam parahor işçileriň «penjesine» bir zat oklamaly bolmaýar.

«Şeýle ýagdaýlar bolýar, aýdaly, haçan-da ulanylan elektrik energiýasy üçin, barlap gelenlere pul töleýärsiň, birnäçe wagtdan soň bolsa, seniň henizem bergidarlaryň sanawynda durandygyň ýüze çykýar. Sebäbi barlaga gelen tölenen puluň bir bölegini özüne alandyr. Indi biz ähli tölegleri – jaý hyzmatlaryny, suwy, elektrik togunyň hakyny, hatda telewizor üçin-de nagt däl görnüşde tölemeli» diýip, gürrüňdeşimiz aýdýar.

Käbir ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, döwlet töleglerini nagt däl görnüşde amala aşyrmak üçin, ilki bilen bu ugurdaky gerekli şertleri döretmeli. Paýtagtdaky Rudaki etrabynyň ýaşaýjysy Dawlathuja Huseýnow ilki bilen diňe şäherlerde we welaýat merkezlerinde däl, eýsem ähli iri obalarda hem nagt däl tölegler üçin terminallary ýerleşdirmegi göz öňünde tutmak zerur diýip hasap edýär.

Täjigistanyň prezidentiniň "Nagt däl tölegleri giňeltmek boýunça çäreler hakyndaky" permanynda, ähli döwlet edaralarynda, şol sanda Täjigistanyň Döwlet gaznasynda we beýleki maliýe edaralarynda, 1-nji awgusta çenli graždanlara nagt däl pul tölegleriniň ählisini amala aşyrmaga zerur şertleriniň döredilmelidigi aýdylýar.

"Amonatbankyň" dolandyryş bölüminiň başlygy Sirojiddin Ikromi öňräk geçen metbugat ýygnagynda, munuň üçin diňe bir POS-terminallary satyn almak bilen çäklenmän, eýsem Täjigistanyň iň çet künjeklerini-de ýokary hilli internet ulgamy bilen üpjün etmegiň möhümdigini belläp geçdi. «Sol ýagdaýda ýaşaýjylar öz öýünde oturan ýerinden, mobil telefonlary arkaly töleg işlerini geçirip bilerler» diýip, ol sözüne goşdy.

Häkimiýet işgärleri nagt däl tölegler ulgamyna geçilmegi bikanun tölegleriň we parahorlugyň öňüne päsgelçilik döreder diýip hasap edýärler. Täjigistanyň Salgyt komiteti geçen ýylda býujete salgytlaryň we tölegleriň 81 göteriminiň nagt däl görnüşinde amala aşyrandygyny habar beripdi.

Emma ýokary tizlikli internetsiz nagt däl töleglere geçmek mümkin bolmasa gerek. Täjigistanyň hökümetiniň ýolbaşçylygyndaky Aragatnaşyk gullugy ýylyň başyndan Internetiň tizligini ýokarlandyrmagy we bahalary arzanlatmagy wada beripdi, ýöne adamlar henizem internetiň hiliniň ýaramazlygyndan şikaýat edýärler. Prezident Emomali Rahmon parlamente ýüzlenmesinde, ýurtda internetiň tizliginiň haýaldygyny tankyt edeninden soň hem ýagdaý üýtgemedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин: В Москве будет увеличен объем высокотехнологичной медицинской помощи





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о комфортных автопутешествиях


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин принял участие в параде Победы на Красной площади



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Концерт

Владимир Брилёв: «Концерт, посвященный Великой Победе, стал доброй традицией для творческого объединения «Хрустальное соZVездие».




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Пресс-служба «Лужников» опровергла информацию о концерте Канье Уэста в Москве

Махачкалинское «Динамо» победило «Химки», «Родина» сместила «Арсенал» с 4-го места

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге про финал Всероссийской олимпиады школьников


Андрей Рублёв

«Титул, которым я горжусь больше всего»: Рублёв одолел Оже-Альяссима и выиграл второй турнир серии «Мастерс» в карьере



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

В Луховицах приступили к обновлению стадиона «Спартак»



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России