Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Июнь
2023

“Çagalaryň jokrama yssyda zähmet çekýänini göreniňde juda haýpyň gelýär”

0
“Çagalaryň jokrama yssyda zähmet çekýänini göreniňde juda haýpyň gelýär”

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän mahaly, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda zähmet çekýän çagalary has köp görse bolýar. Howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusdan aşýan şu günlerde çagalaryň gazanç gözleginde köçelere çykmagyna ýurtda barha agyrlaşýan sosial-ykdysady kynçylyklar sebäp bolýar.

“Çagalaryň köpüsi bazarlaryň, uly edara-kärhanalaryň öňünde suw, çal we çilim satýar. Olar her boklaşka suwdan ýa-da çaldan özlerine 1 manat peýda galýandygyny aýtdylar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy şaýat bolan ýagdaýlaryny 30-njy iýunda gürrüň berdi.

Bu çagalar 10-15 ýaş aralygyndaky çagalar bolup, olar biri-birinden öňe saýlanyp, raýatlara suw satjak bolýarlar.

Çagalaryň ýene bir bölegi bazarlarda araba sürüp, ýagny alyjylaryň we satyjylaryň agyr ýüklerini daşap berip, gazanç edýärler.

“Bu işi edýän çagalaryň sany örän köp bolup, olar köpelmese, azalmaýar” diýip, habarçy belledi.

Çagalar dört tarapy açyk bassyrmalarda gök-bakja önümlerini, şol sanda gawun-garpyz hem satýarlar. Ýörite arabalara gawun-garpyz ýükläp, olary oba ýerlerinde ýa-da jaýlaryň aralarynda aýlap satýan çagalar-da bar.

“Olaryň jokrama yssyda ençeme sagatlap zähmet çekýänini göreniňde juda haýpyň gelýär” diýip, maryly bir ýaşaýjy şaýat bolýan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.

Bu ýagdaýlardan habarly sebitdäki çeşmelerimiz çagalaryň üst-başynyň hem öwerlikli däldigini, geýim-gejimleriniň juda könedigini we köp wagt bäri ýuwulmandygyny görse bolýandygyny aýdýarlar.

“Köp çaganyň eşigi ýyrtyk, käbir bölekleri ýamalan. Olaryň aýagyndaky şypbyklary hem juda köne” diýip, çeşmämiz belledi.

Ýurtdaky ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, köp ene-atanyň işsiz ýa-da girdejisiniň juda pes bolmagy, barha köp çaganyň dynç almak mümkinçiligini çäklendirip, olary jokrama yssyda gazanç gözlegine çykmaga iterýär.

“Köp çaga tomusda işläp gazanan puluna öňümizdäki okuw ýyly üçin okuw esbaplaryny satyn alýar” diýip, çeşmämiz belledi.

Çagalaryň köçelerde zähmet çekýändigi barada nobatdaky maglumatlar, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy” tassyklanylmagyndan bir hepde çemesi soňa gabat geldi.

TDH-nyň habarynda aýdylmagyna görä, bu karar çaga hukuklaryny we abadançylygyny üpjün etmek maksadyndan ugur alýar. Şeýle-de, täze karar çagalaryň hukuk goragyny, olary okatmagyň, durmuşa taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmaga kömek etmeli.

Bu meýilnama, ýurtda çaga zähmetiniň döwlet derejesinde-de ulanylmagyň fonunda kabul edildi. Ýurtda indi ençeme ýyl bäri çagalar oba hojalygy işlerine, şol sanda şugundyr we ýeralma ýygnamak ýaly işlere çekilýärler. Munuň üçin olara käte ujypsyz möçberde hak tölense, köplenç olar mugt işçi güýji hökmünde ulanylýar.

Orta mekdeplerde okuwlaryň tamamlanyp, iýunyň başyndan tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, köçelerde gazanç gözleýän, oba ýerlerinde agyr zähmetde işleýän çagalaryň köpelýändigi barada Azatlyk we garaşsyz neşirler yzygiderli habar berýärler.

Ýakynda çagalaryň welaýatlary baglanyşdyrýan uly awtoulag ýollaryna çykýandygy, geçip barýan ulag we ýük awtoulag sürüjilerinden suw we iýmit soraýandygy hem mälim boldy.

Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, şol sanda pes girdejili maşgalalarda çagalaryň ýüzbe-ýüz bolýan gündelik kynçylyklary, ýurtda köpelen çaga dilegçiligi hakynda maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин рассказал, как офсетные контракты развивают фармотрасль Москвы





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о доступности популярных туристических объектов


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин. Главное за день



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Джиган

Shot: рэпер Джиган стал совладельцем фирмы по продаже пива и энергетиков




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Пресс-служба «Лужников» опровергла информацию о концерте Канье Уэста в Москве

В преддверии Дня Победы в Великой Отечественной войне: уроки мужества и познавательно-спортивная эстафета

Спорт объединяет поколения: в Москве прошёл праздник ко Дню Победы для детей с ОВЗ


Стефанос Циципас

Паула Бадос и Стефанос Циципас расстались | Виды спорта



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Владимир Путин: развивать связи с ЕАЭС хотят многие международные структуры



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России